Millet ejizlände

Millet ejizlände,
çüpräp-çökende,
aw biler iki köpügi,
bir-birini talar, iýer,
dogan-doganyna duşman,
ýagy bolar görülmedik,
bir-birini çukur tapsa iterýän,
hem üstünden guýýan hapa,
okuwly, bilimli, kärli kişiler,
bilmeseň namysly, arly kişiler,
düýnki duz iýişen dostun, kärdeşin,
iki şaýa satar gyssaga düşse,
ýa keýpine, duýman durka arkadan
urar awy-zäher çalnan hanjary,
ýa ýok edip başarmasa,
töhmet atar başgany däl,
öz-özüni depeläp,
millet ejizlände ägä bolmaly,
undan öň adamy eläp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024