Jemgyýet we jellatlar

Jemgyýet öz jellatlaryn,
çaga ýaly bir günde däl,
dokuz aýlap göterlen,
uzak ýyllap dogurýar,
göterýär ol jellatlaryn goýnunda
dokuz aý däl, dokuz ýyllap ençeme,
ýetişdirýär içden, daşdan goraglap,
kitap bermän eline,
ýarag bermän eline,
diplom berýär ählisine bir uçdan,
birisine lukman diýip,
ýurist diýip başgasyna,
beýlekisi – agronom,
pedagoglar hatar-hatar,
žurnalistler ýatyp atar,
deger, belki, bir nyşana;
jemgyýet öz jellatlaryn
ýeke günde dogurmaýar,
uzak ýyllar dogurýar,
uzak ýyllap diýip jana,
onsoň olar ýetişýärler,
tüpeňleýän tüpeňsiz,
topa tutýan topsuz asla,
hem agzybir ýok edýärler milleti,
kän azaba galman, erteki toslap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024