Beýik döwür
Beýik döwür boldy, alla,
musulman bolsaň, walla,
garamaýak däl, elbetde,
şa bolsaň, şazada bolsaň,
ýa-da bolsaň premiýer,
prezident bolsaň eger,
saýlawlarda bäsleşeniň
dik depesi ýere deger,
bu ne diýmek, ömürlik,
özüňden soň ogul-gyzyň
dowam etmeli yzyň,
has anygy – işiňi,
geplejek bolanyň döwüp dişini,
arka diräp nökerlere imansyz,
ordenmidir medal bezän döşüni,
sebäbi nä, köşgi-eýwan,
ýerde jennet seniňki,
beýlekiler atly nany
kowalasyn pyýada,
arasynda üç ýaşyndan
on üçe çen gyzlary
ýanyp ölsün garybyň
garyp tünekden çykman,
işleýärkä eje-kaka
gara gijeler ýatman,
adalat, hakykat islese biri,
Nesimini dabanyndan soýulan,
öň bolan zat, ýatlama,
Jamal ýaly soýular;
beýik döwür boldy, alla,
musulman bolsaň, walla,
haka däl-de altyna,
pulla hormat goýular.