Garaşmagyň netijesi

Olar ilki partiýadan,
müňläp öýe gan çaýkan,
ýere sokan ýüzläp müňi,
milýonlary enteden,
Moskwadan garaşdylar,
ajap eýýam geler bir gün,
gelmedi ol, görünmedi,
dowam etdi açlyk, sürgün.

Olar soňra beýik diýip,
umyt bilen bakdylar
partiýanyň ýetim ogly,
beýik serdar çykyp birden,
berer diýip ajap eýýam,
ogullary neşekeş,
gyzlary bisowat boldy,
pedagoglar, polis ýaly,
lukman ýaly öljek hassany talan,
aklyk alýan parahora öwrüldi.

Olar indi garaşýarlar alladan,
ajap eýýam berer bir gün, eçiler,
taşlap gider gapylarna getirip,
emma, arman, gowy habar gelmeýär,
muňa derek barha çykýar beteri,
(bir gowy zat ilde sabyr ýeterlik!?)
haýp, köpelýär çäge dökülýän işik,
äkidilýän başga ýurda, gelmesiz,
uçarly däl, aty bilen göterlip.
.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024