Akyl uranlar

Olaryň ählisi akylly örän,
ýa-da köp bilýärler juda,
maslahata, geňeşe baý,
soramankaň berýärler,
pikirleri bar köp zatda,
ähli zatda, belki-de,
ýogsa ele alyp ýatyp,
ne Pyragy, ne Kemine okalan,
ýa-da ýeke setir galmandyr ýatda.

Olaryň hemmesi sowatly örän,
ýaramasaň - derde derman
maslahaty, geňeşi bol,
Lukmany tesdirýär yza,
bir kemçilik – pullary ýok,
eçil diýip näçe bolsa,
dileýärler hudaýdan,
ertir-agşam çöküp dyza,
sebäbi para bermeli
işe girmek üçin gowy,
çykmak üçin türmeden ýa,
hem aýakda saklamaly
iň ýokarky ezijini,
iň aşakky nökerine epilip,
olaryň hemmesi paýhasly örän,
meger, şondan asuda
ýaşaýarlar depilip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024