Leninçilik derdi

Bu Leninden gelýän kesel,
ýer daýhana berilmez,
suw daýhana berilmez,
a zawodlar - işçilere,
erkiň, azatlygyň gürrüňi-de ýok,
öz ýurdunda ýer berilmez adama,
düzüw bolsa, bolsa işlejek, ekjek,
telekeçi bolmasa,
para berip birlerine,
ogurlyga goşulmasa,
goşulmasa goşunyna ezijiň,
özünden ejizi öldürýän urman,
sebäbi talaýan kast edip günde,
geçip gitjek ýaly durman...

Bu Leninden gelýän kesel,
babamyz ol, şahyrlara ynansaň,
süýde siňe baksaň, gan görýäň, arman,
ýer daýhana berilmez,
suw daýhana berilmez,
a zawodlar – işçilere,
alyp bolmaz ogurlanan erkiňi,
yzyna soraman, barman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024