Günä nedir?

Günä nedir? Ozaly,
günä hakda akyl satmak,
ýa-da başga birleriniň
aýdanlaryn gaýtalamak,
toty ýaly, sorag bermän,
siňe bakman söz aslyna,
nireden gelýänin görmän,
üstesine dyzan bolmak,
utandyrmak sorag berjek bolýany,
howuny basmak adamyň,
gazanç etjek bolmak haky ulanyp...
Günä nedir? Ozaly,
durlanjak bolmaň deregne,
akmak barha bulanyp!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019