Halk ýazyjylary

Olar halkyň ýazyjysy, şahyry,
ýa artisti, at gazanan, ýene kim,
öňi, yzy görünmeýär nobatyň,
arzuwy, islegi, niýeti, päli
halky talaýany wasp etmek üýşüp,
hem talamak agzy ýer garban ili,
aç-açan bolmasa, göze güýdüşip.

Beýik taraplary – utanmaýarlar,
ýüzi galyň düýäň dabany ýaly,
ogurlanan ata münjek barysy,
azap üçin gelen eşekden düşüp,
setanda-seýranda TW-ni açsam:
"Alla, barmyň? - bagyrýaryn çydaman,
dileg edýän: - Oýar, bolsun bu düýşüm?!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024