Agyz deňemekden aňyrrak seret

Agyz deňemekden saklan, başarsaň
ne sanaş, ne jedel et,
subut etjek bolma sözüňi mydam
söz bilen, delil bilen,
sebäbi ýigrener sözde ýeňilen,
ýa delili ýuka gelen,
kitüw galar içinde,
köpeltme keýpine duşmanyň sanyn,
güýçliden däl, ejizden,
agyz deňemekden çekil başarsaň,
saklan siz-bizden.

Ýylgyrmagy öwren ýalan, sypaýy,
bilmedik bol baran, ýeten ýeriňi
kiçelden bolsalar, bassalar aşak,
ýa berseler özleriçe maslahat,
düşünmeýän işlerinde,
alandan bol, diýme ýa düşündirme
nämejik ýazýarsyň, näme ýazmakçy,
ýa-da näme pikir edýäň bu günler,
agyz deňemekden aňyrrak seret,
şeýdilýän ekeni öňler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019