Eger

Eger işiň görkezmese, aýtmasa
seniň kimdigiňi, päliň, niýetiň,
ýa-da ony görmeseler,
bilmeseler nirde, näme,
ýa bilmedik bolsalar,
ýa tersine gürrüň edip, gep edip,
maksadyňy ýoýsalar,
ýa-da akyllary ýetmese näme
aýdanyň ýa eden işiň,
başyňy etege salyp,
boýun alyp ölümiň,
düşündirjek bolma sözüň zaýalap,
geç deňinden geçeniň,
ýa-da geçir, gitsin barýan ýerine,
her kim ozal özgäni däl, özüni,
gurban eder öz öndüren şerine.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019