Adamyň üstünden

Adamyň üstünden atanak çyzyk
çekmäge howlukmaň, gyssanmaň gaty,
isleseňizem,
bolsa-da gyzyk,
ýüwrük diýip çapmak çaman çal aty...

Adamyň üstüni gömmäň gyssanyp,
çekmäňler ýüzüne bäşbarmak gara
howlap, gysganyp,
hem çekmäň dara
gep-gybat bilen.

Adamyň derdine düşünjek boluň,
düşünmeseňiz, islemeseňiz
düşünmek asla,
ýa başarmasaňyz düşünmäni siz,
gyssanyp, haslap,
öz ejiz ýeriňiz ýaşyrmak üçin,
ýapmak üçin öz açylan aýbyňyz
adamyň üstünden atanak çekmäň,
göýäki betpäl,
betnebis deýin,
bet hyýal bilen.

Adamyň üstünden atanak çyzyk
çekmäge howlukmaň, gyssanmaň gaty,
isleseňizem,
bolsa-da gyzyk,
ýüwrük diýip çapmaň çaman çal aty?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024