Surat

Dymyşlygyň sebäbi

Birleri düşünmän dymar,
başgasy dymar düşünip,
bular bir zat, belki, daşdan,
emma biri bilmän gider gelenin,
beýlekisi gider bilmedik bolup,
ýa bilenin bildirmän,
sebäbi bilmek hatar,
hem bildirmek bilýäniň,
ýaşamak hatar düşünip,
düşünjäňe ýapyşyp,
şondan sada bolup oýnaýar köplük,
oýna goşulmasaň, goşulyp çyksaň,
üstesine gepleseň,
geň görme çolarsa daşyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024