Surat

Görünmeýän adam

Görünmeýän adam sorapdyr kömek,
köne aýakgabyn, başgabyn goýup,
hemem sagbol aýdypdyr,
bir däl, birnäçe dilde,
öňünden, kömek alman,
kömek soralanda, adam gylygy,
gülmeli däl, baryň bermeli elde,
ýa ýürekden gelenini,
öz-özüň aşaga salman.

Görünmeýän elim urdum jübime,
görünmeýän puldan eçildim esli,
görünmeýän banky urupdym çünki,
görünmeýän açarlarym ulanyp,
görünmeýän adam, belki, göwnüme,
diýen ýaly boldy "Taňryýalkasyn!"
Men diýdim içimden "Bile ýalkasyn!"
A soňundan durman ýoluma gitdim,
görünýän hem kömek berlen soranda,
ýöne dost däl, duşman bolan ertesi,
az bolmandy geçjek ýüzümden basyp,
görünmeýän adam galdy aňymda,
görünýänler özün basalap ýitdi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024