Surat

Bulutly agşam ýat ilde ekilen armydyň aşagynda ýazylan goşgy

Edýän işi bilen, belki,
ýa etmeýän işi bilen,
görüner ýa görünmez
hereketi, niýeti,
pygly bilen daşyndan
boýun alýan, almaýan
özi özüne nokat,
ýa köp nokat goýar adam,
ýa-da nokatly otur,
barma-da kän üstüne oň,
oturan ýeriňde otur.

Sen adama aýtjak bolup kösenme,
diýjek bolup kösenme,
soramasa, gelmese,
akyl satma, güwleme kän,
gara ýel deý gijöýlän,
ýüzüni garaňka tutup,
gelen ýaly bermän aman,
biljek biler ömür näme,
ýa nämede ýagşy, ýaman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024