Göreşýäniň sagbolsuny
Göreşýän birisi gerek!
Gerek biri gözsüz batyr,
bökýän uçut gaýadan,
hemem ölmän galsa birden,
hol aşakdan gygyrýan,
"bökmäň" diýip bagyrýan;
biri gerek diýýän diýmeli sözi,
iki milýon, ýa bäş milýon dymanda,
agzyna suw alan ýaly,
zalymyň gözüne bakyp,
ölüme gitse-de ertir,
ajalyň ýüzüne gülüp,
sebäbi ol ýüzläp, müňläp adamy
kemsitmeden, ejirden
ýa ölmekden ölmänkä kän
gutaryp bilýär ölüp.
Gerek biri döşün gerip,
oka, güllä topulýan,
emmaki il durýar köplükden mydam,
ikiden ýa üçden däl,
hemem olar gutarjagy zulmatdan,
bilip ýa-da bilmän öldürýär basyp,
bir gün uzak galmak üçin, elbetde,
boýnundan ezijiň zynjyryn asyp.