Surat

Din-iman

Dini-iman diňe garyba gerek,
baýa gerek däl ol asla,
bege gerek däl ol asla,
gerek däl ol mollalara, işana
kiçi dilden aňyrda,
hüňürdeme, hüňürde,
gylyjyndan gan damýan
kellekeser ogrulara,
uruşparaz generala,
sudýa, prokurora gerek däl iman,
sebäbi ol bolsa, para aldyrmaz,
ýa ýakdyrmaz bigünäni
günäliniň odunda,
ezdirmez ol özüň ýaly adamy,
depeletmez ejizi,
ýa-da depeleseň - böwrüňde sanjy,
ýüregiňde ünji bolup keserer,
dini-iman diňe garyba gerek,
sebäbi ol elinden ýa gazanjak
mal-mülküni alanlara baýlygy
hudaý berýär diýip pikir etmeli,
alla berýär diýip pikir etmeli,
kanagat etmeli garyp gününde,
o dünýä garaşyp, şükür etmeli.

Dini-iman diňe garyba gerek,
papaklydan başlap ýolda,
ala taýak allasy,
iň ýokarky bege çenli,
dini-iman erteki,
toslama, taslama,
ýa-da başga zat,
ejizlikden, nalaçlykdan tapylan,
olar din-imana dolanar diňe
arkasynda galsa bir gün
açylmaýan gapylaň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024