Surat

Banan meselesi

Düýbi näme, köki nirde bu derdiň,
sebäbi ýa sebäpleri nämede,
nireden uç alýar, bilmeli ilki,
iň ýokarky banana
kesek zyňyp bolman gülki.

Sebäbi ol banan bişer,
düşer erte ýa birigün,
hemem ýere siňer gider,
emmaki sowulmaz heder,
dert gutarmaz bäri-bärde,
onsoň ýene daşlajakmy banany,
iň ýokarky bolan täze,
başyň egseň, başa çykan tapylar,
ýa ak bolsaň - garalajak,
öwürjekler gara gäze.

Düýbi näme, köki nirde bu derdiň,
ýa sebäbi, sebäpleri nirede,
kesekleşip, öz-özümiz armaly,
ýa ýarmaly maňlaýymyz
banan diwaryna urup,
gyssanyp dara-direde,
gowusy döweli kelle,
nädip banan bolýar adam,
aşak düşýän pelle-pelle?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019