Köplük meselesi
Goý, akylly oýnasyn,
goý, sakgally oýnasyn,
oýnasynlar ak gyňaçly,
ketenili, tahýaly,
gyzy-gelni çykyp köçä,
ters ýormadyk bolsaň düýşüň,
bolmaz köplük bilen işiň.
Çagasyna gorkaklygy öwredýän,
ürkekligi öwredýän,
yza çekilmegi öwredýän hergiz,
öňe çykarmagyň ýerne,
bukulmagy öwredýän
arkasynda başganyň,
egmegi öwredýän aşak
dik durmaly kelläni,
altyn bolsun kesek diýip elläni,
näme üçin ýaşamaly owadan,
näme üçin ýaşamaly erkana?
Sorama sen bu soragy,
goý, oýnasyn bolan bolup akylly,
bolan bolup sakgally,
selleli hem salyhatly,
oýnasynlar her gün üýşüp,
özlerine ýarasa,
ýaraýan bolsa yzynda
galjaklara ölenden soň,
har etme hiç ýürek sözün,
bolan bolsun türkana,
işiň gutarmadyk bolsaň,
köplük bilen eger-eger,
hiç haçan bolmasyn işiň.