Surat

Özüme pent

Sen özüňi her gün täzeden döret,
täzeden tap, täzeden aç, argyla,
biri dogan bolup depäňden basar,
birisi dost bolup basar egniňden,
biri kärdeş bolup aýagňa kakar,
gaty görme,
durmuşdyr şu,
başga durmuş gözleme,
başgasy ýok hiç ýerde,
hiç milletde, hiç dinde,
gözleseň-de tapmarsyň,
at almany asmana,
gaparsyň ýa gapmarsyň.

Sen özüňi her gün täzeden döret,
her gün gözle,
her hepde aç täzeden,
her aýda gal bir basgançak belende,
başgadan däl, özüňden öň,
sen özüňi her ýyl täzeden döret,
hem özüňe bolan zadyň hiç birin
başgalardan ýa-da başgadan görme,
görme hakdan, hudaýdan,
özüňden gör, sebäbi -
hala duşman, hala-da dost,
sapak berer, başarsaň
düşünersiň, alarsyň;
sen özüňi her gün täzeden döret,
döretmeseň - başganyň däl,
ozal-ilki öz aýagyň,
hapa köwşüň aşagynda galarsyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024