Talant tragediýasy

Talantly bolmagyň bagyşlar köplük,
belki-de guwanar uzakdan, daşdan,
a içinden göriplik,
görüp bilmezlik eder,
emma kän daşyna çykarmaz muny,
sebäbi bu bozmak bolar düzgüni.

Talantly bolmagyň bagyşlar köplük,
ýöne hem talantly, hem erkin bolsaň,
bagyşlamaz aňsat, başyrmaz, çünki
içinde öç ody ýanar,
ýol gözlär aşakdan basmaga aşak,
geçjek ýoluň ýapjak bolar,
kesekmi-daş, demir daşap.

Talantly bolmagyň bagyşlar köplük,
ýöne hem talantly, hem erkin bolsaň,
bagyşlamaz, geçirmez,
emma hem talantly bolsaň,
hem talantly ýalasaň
ýalamasyz ýerleri,
bagyşlarlar hemem sylag bererler,
el çarparlar üstesine,
ýöne sen bilýänsiň talantly bolsaň,
talantyňa görä etmäniňi iş,
köplügem bilýändir muny,
hem bilýänne buýsanýandyr,
meger şunuň üçin entek,
hem talantly bolmak, hem erkin bolmak
köplük üçin bolar düýş.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024