Öz söweşin söweşmeýän
Öz söweşin söweşmeýän
islemän ýa başarman,
ýa köp bilip, garaşyp,
başga birniň gara işi ederne,
başgalara at dakmaga edermen.
Haýsy ilde, haýsy ýylda, parhy ýok,
adam dünýä aglap gelýär gelende,
soňra aglap arzyn aýdýar
ajygsa ýa ýene bir zat islese,
ýa öllese aşagyny,
ýetişmese ýaradan -
ejesi özünden bilip,
dünýä gelen göreşmeli,
ölmänkä ölmejek bolup.
A ölmezlik üçin her gün
siňegiňi goramaly,
ýatmaly däl diňe emip,
ak göwsüni sokjap dünýäň,
el-aýagyň galgatmaly,
ýylgyrmaly arasynda,
emedekläp, ýörjen-ýörjen,
ýykylmaly käte gaty,
ýürek-bagryň sypjyrdyp,
öz söweşin söweşmeli her gelen,
ha ýeňenler, ha ýeňilen,
çünki başga biri aglap agysyn,
aýdyp bilmez onuň arzyny mydam,
öz söweşin söweşmeýän,
islemän ýa başarman,
ýa köp bilip, garaşyp,
başga birniň gara işi ederne,
başgany däl, bilse özün
aldamakda edermen.