Üç dereje

Birisi haky çagyrýar:
“Gowusyn et özüň, alla,
gora şerden, töhmetden,
azanlardan ezýän aldap,
ganymlardan ejize,
ýetiş özüň dadymyza?”

Emma özi turjak däl oň,
galdyrjak däl başyny,
alsalar-da ertirligin,
agzyndaky aşyny,
almaň diýip bilmez aýdyp,
onuň üçin ýetişmeli ýaradan,
nirä barýan bolsa, yzyna gaýdyp,
sebäbi ol çekinýär,
görse gözüni oýup,
geplese dilin sogrup,
ýa eşitse gurşun guýup gulagna,
azanlar has erbet eder,
daşy heder, içi heder...

A beýleki, atsyz batyr,
internetde edenli, bet,
“Ejeň a...y” diýip,
“s...n” diýip,
wagty bolsa atýar haýbat,
beýlekiler ogurlaýar,
ýokaryk dyrmaşyp, çykyp,
ýa aşakdan, eli ýetse,
hemem ýalan sözleýär,
ikiýüzli, üç ýüzli,
ýürekdäki başga, dildäki başga,
ýakyn bolsaň, gaçyp durmaly daşda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024