Biz özümiz özümizi söýmeli

Biz özümiz özümizi söýmeli!
Biz özümiz goramaly özümiz!
Biz özümiz özümize söýgini,
bagty, gül-gunçany bermeli peşgeş.
Biz özümiz beýgeltmeli, belende,
duýgularyň terligine göterip.
Biz özümiz özümizden doýman hiç,
özümiz özümiz basmaly bagra.
Biz özümiz öz gadrymyz bilip giç,
a soň öz-özümiz gyýylyp-aglap,
örtenip ölmän,
kese-kesekiden,
ýatdan-ýakyndan
ýagşylyga, gowulyga garaşyp,
biz özümiz özümizi söýmeli,
biz özümiz goramaly özümiz,
öz söýgimiz bilen, ýanyp-tutaşyp.

Goý, söýgüden ýansyn biziň gözlermiz,
jigerimiz ýansyn, bagrymyz ýansyn.
Ahmyrdan, armandan, gazapdan ýa-da
gorkudan, ýigrençden kürşerip ýörmän,
biz özümiz özümizi söýmeli,
biz özümiz goramaly özümiz.
Ähli peslikleri, ejizlikleri
söýgi bilen, päklik bilen ýeňmeli,
biz özümiz özümizi söýmeli!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019