Üç problema
Üçegiňi bejermek -
suw çykýarka aşagyňdan,
porsap çygly ýerzeminiň,
poluň tagtalary çüýräp,
manysyz görünýär örän,
gije ýagyş ýaganda,
emma bejerme-de diýip bilemok,
bilýän çagalaryň, garagöz ýaryň
garaşýandyr bir kişilik ederňe,
nä günlere salýar eziz diýaryň!
Seni ozal Moskwadan gysdylar,
çagalygyň ogurlatdyň meýdanda,
indi Aşgabat gyssaýar,
sebäbi pagta gerek,
üçegiňi bilmeýärler ýokarda,
bilmeýärler meýdanlara
aňyrsyna göz ýetmeýän
dökün gerek, suw gerek,
adam gerek dikilgazyk durmaga,
tehnika bolanda hatda,
emma çaga-çuga bilen,
aýal-gyzlar bilen naçar
plan dolýaň ýa dolaňok her ýylda,
obaňy şor aldy, zeýkeş kanallar
çekip ýetişenok ýerasty suwy,
barha galýan ýokaryk,
bu ýagdaýda üçegiňi bejermek,
ýa-da pikrin etmek onuň
manysyz görünýär, dogan,
üstesine gaýgy unuň...