Surat

Adama adam gerek

Adama adam gerek!
Gara gyşda galanda,
ýa ýaganda buz, ýagyş
dagda, düzde bolsa ýeke,
ýa ýelleri durmuşyň
aljak bolsa aýakdan,
bir-biregi tutar ýaly
bermän ýele, tupana,
gerek däl adama adam
bir-biregi iter ýaly,
ýykar ýaly çukura,
gazylmadyk entejik,
gerek däl adama adam
ikiýüzli, üçýüzli,
ýüregi kiçijik, kellesi goçak,
uly bolan bolýan özüni aldap,
käşge muny bilip bolsa,
eliňi köýdürmän oda,
adama adam gerek,
gerek däl ýylanly ada.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024