Surat

Gyş oýlanmasy

Sürülen ýer ýaly güýzde,
gyşdan hemem gardan ozal,
ýa aýazly gijelerden,
kesek goýman doňdurýan,
mümkin bolsa çuň, telper däl,
tämiz ýeller çalar ýaly,
öz-özüňden oňdurýan,
sürüp bolsa öz-özüňi,
bolmanynda her ýylda bir,
iki ýyldan ýa-da käte
üç-dört ýyldan bir gezek,
emma adam çagalykda,
oglanlykda galýar uzak,
azal urman özüne,
ýa öküz ýok, ýa azal ýok,
ynanma hiç sözüne!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024