Güni dogmadyk adam
Güni dogmadyk bolsa,
ýa ýaşan bolsa dogman,
adam hatda internet ber petiksiz
(diýmek, petik bahana!),
telefon ber eline,
iň gowysyn, gymmadyn,
gowusyny görmez dünýäň,
görer nirde pes zadyn,
warsaky, boş gürrüň tapar,
tapar öz-özüne deňi,
erkek bolsun ýa hatyn.
Güni dogmadyk bolsa,
ýa ýaşan bolsa dogman,
ýurdy bolsun çar ýana
käte erkin, maşynly ýa otluda,
belki-de uçar münüp,
gidip hemem gelip bolýan,
käte bolup bolýan azat,
belli-belli çäklerde,
ýa-da durup bolýan dik tutup başyň,
käte özüň, käte ýakynyň üçin,
garşydaş bolmasa beýle bir uly,
aýdyp bolýan hakykaty, bilýäniň,
içiňde öldürip guly,
gulçulygy öňden gelýän,
zynjyryny gyrmaz adam,
ýa gozganmaz aňsa-aňsat, mämüçin,
senem bilýäň, menem bilýän.
Güni dogmadyk adam,
ýa ýaşan bolsa dogman,
biraz aňyny açjak,
ýa ýokarrak galdyrjak,
oýlandyrjak azajyk,
belki-de utandyrjak
soraglary gözlemez,
hemem bermez özüne,
görmez güýçli zatlary,
aýdym bolsun, saz bolsun,
bolsun goşgy ýa kyssa,
aňa agram salmaly,
terezä mündürip özüň,
ömür näme, ölüm näme,
ýa-da näme manysy bar
gelmegiň we gitmegiň,
bilmez adam güni dogmadyk bolsa,
ýa ýaşan bolsa dogman,
warsaky tapar hergiz,
öz deňinde, ýokary däl,
hem paýlaşar özi ýalylar bilen,
üstesine güler uzak, ýadaman,
internetden eger-eger peýda ýok,
güni ýa güneşi dogmaz adama.