Surat

Adalat

Adalat hakynda alada etme,
ýa-da ýanma adalatsyz zamana,
seniň däl, başganyň başyndan inen,
nähak türmä basylana,
ýowuz töhmet atylana seretme,
agram berip şirin jana, ol geler,
agzyndan ak köpük saçyp,
däli iner ýaly çöker üstüňe,
şondan soň isle ýa isleme asla,
adalat hakynda pikir edersiň
ýa ýanarsyň adalatsyz zamana,
häzir bu goşgyny okama, bilme,
men ony hiç ýazmanmyşym hamana.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019