Surat

Soňky gülki

Gülen bolsaň onda oňa,
gülen bolsaň munda muňa,
aýdylanda, diýilende,
ýa aglanda gaçyp gelen,
yzda naçar ene galan,
ata galan, içi arman,
gözüň ýumup özüňdäki
garyp-gasar, öýsüzlere,
türmelere, hyryn-dykyn,
açyk syra – alym-berim,
gözi gumdan doljak baýlap,
ot sowurýan nepin gözläp,
pida sözläp, bir çyny ýok,
bilmeýän dek gitjek güni
hiç mahlugyň horjuny ýok,
salyp gider ýaly malyn,
altyn, kümüş, zere öwrüp,
uzak güldüň diýýän ýaly,
boljak diýip indi höwrüň,
gelýär bir gün gyzyl däli,
aglamaly edip halyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025