Surat

Bolsa...

Olara arzan çörek,
mesge gerek mugta ýakyn,
hemem uly gürlemeli,
emma bugdaý ekjek däller,
ýa-da sygyr bakjak däller,
sebäbi kyn, derlemeli,
ýöne palaw iýjek boldan,
künji ýagyna bişen,
erikli ýa kişmişli,
emmaki ýer depjek däller,
sebäbi kyn, derlemeli.

Olara giň jaýlar gerek,
içi ýagty, owadan,
ot-ojagy öçmeýän hiç,
otluçöpden arzan gazy,
hem suw gerek paglap akýan,
maşyn gerek uçmaýan täk,
aýna ýaly ýollar gerek,
hem hemmesi gerek arzan,
emmaki jaý gurjak däller,
ýagyş-garda durjak däller,
ýaban ýatjak däller çölde,
gaz çykaryp, suw çekip,
ýa işletjek däller kelle,
maşyn-motor bejerip,
nämemiş, ýag boljak eli,
üstesine derlemeli.

Bugdaý ekmek gara günli,
garyp-pukaranyň işi,
ýa mal bakan, jaý salanlar,
ýol gurýanlar golun çyzgap,
iň aşakda galanlar,
ezilenler tükeniksiz,
emma olar ezileniň
arkasynda durjak däller,
gorap hakyn, heşdegini,
haksyzlygy urjak dälller,
her ädimde hem minutda,
siňek ýaly göz-gulaga,
agza-burna girip barýan,
çünki bu iş kyn, hatarly,
üstesine derlemeli.

Olara arzan ömür,
arzan ajap eýýam gerek,
Magtymguly gerek däl hiç,
şerap içen Haýýam gerek,
il-ýurt gerek gepledilse,
emmaki il hassa bolsa,
agzyna suw tutjak däller,
gitjek däller ýurt aşyp,
derdine derman gözläp,
bu iş üçin başga biri,
gara başyn goýýan gerek,
boýnuna kepenin çolap,
bolsa ýaşajaklar bolap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024