Surat

Betbagtyň bagty

Işiň saňa diňe aýlyk,
pul getirse, ýeterlik däl,
mal getirse ýeterlik däl,
hatda uly, çäksiz altyn,
süri-süri goýun-geçi,
ýeterlik däl maşynlar,
ýeterlik däl gämiler,
uçarlar hatar-hatar,
getirmeli mertebe ol,
getirmeli dereje ol,
adam duýmaga özüňi,
ynsan saýmaga özüňi,
sylanmaga adam ýaly,
söýülmäge adam ýaly,
ogul bolmaga edenli,
gyz bolmaga salyhatly,
är bolmaga aýalyňa,
aýal bolmaga äriňe,
ata bolmaga mynasyp,
ene bolmaga mynasyp,
dogan bolmaga mynasyp,
dost bolmaga ynanylýan,
içilýän däl duiňe bile,
goňşy bolmaga goňşyňy
göçürmeýän, gaçyrmaýan,
hem bolmaga iliň biri,
artykmaç däl, belki, beter,
emma gynanylýan gitseň,
ýatlanylýan ýagşylykda,
meger şundan ogrular,
wezipeli uly-kiçi,
öwülmegin isleýär,
hem kim öwsün, parhy ýok,
ýalançymy, ýaranjaň,
düýnki kiçijik kezzap,
ýa-da düýnki şermende,
üstesine diletant;
işiň saňa diňe aýlyk,
pul getirse ýeterlik däl,
mal getirse ýeterlik däl,
hala ýalan, hala çyn,
getirmeli mertebe,
a soňundan soňsuz şöhrat.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024