Ret et sen türmäni
"I come as one, but I stand as 10,000." Maya Angelou
Seni türmä basyp bilerler nähak,
garalap bilerler adyň,
galdyrmazyň üçin başyň,
çykarmazyň üçin sesiň,
gaýdyp çytmaz ýaly gaşyň
ogurlyga, ýalana,
düşündirip bilerler
adalatyň ýokdugyn,
ýokdugyny kanunyň,
puluň bolmasa eger,
ýa bolmasa arkaňda dag,
ýa-da seniň ynananyň
gara daga gar ýagsa,
emmaki daglary goýup,
ynansaň özüňe bir gün
türmeden çykmagyň ahmal,
hem galmagyň ahmal diri,
çykarmagyň mümkin sesiň,
belki, diňe öz sesiň däl,
dymdyrylan ýüzläp, müňläp,
ildeşleriň sesini,
türme bolan bütin ömri,
çykarmagyň ahmal daşa,
ret et sen türmäni,
erksizligi urup daşa!