Surat

Arkaç galdy, Baýramgül!

"Galdy Arkaç, Aýnam-how!" Aýdymdan

Arkaç galdy, Baýramgül!
Ony nämä öwürdiler, belli däl,
hem belli däl oýnuň soňy,
ýöne utjak ulus-il däl, şu belli,
Arkaç galdy, Baýramgül,
yzda aglap, ene-atamyz öldi...

Arkaç galdy, Baýramgül,
gaçdyk yzymyza garap, garaman,
sebäp ölesimiz gelmedi diri,
gömülmek islemedik,
islemedik gul bolmak,
ulanylmak islemedik,
islemedik hiç kim däl,
isledik bolmak biri!

Arkaç galdy, Baýramgül!
Gaçdyk, emma pyçak zyňýarlar şindem,
yzymyzdan, ýüregmizden çenenip,
sebäbi bilýärler Arkaç
hut şol ýerde gizlenýär,
biz ony goraýarys,
aýaýarys ýürekde,
göwünlik berip her gün,
sebäbi Arkaç, janym,
biz bilen bile sürgün!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024