Surat

Säher dogasy

"Hatda perişde bolsaň-da, hemişe seniň ganatyň pasyrdysyny halamaýan tapylar." Hytaý nakyly.

O ýerde birleri görünýän, goçak,
haku-nähak oturdylan kürsüde,
hemem düşmek islemeýän ýapyşyp,
potensial duşmanlaryn gözleýär,
tapýar ýa-da tapdyrýar,
ýok etdirýär başarsa,
zyndany bar o dünýä içki gapysy açyk,
başarmasa ýaralaýar, garalaýar uzakdan,
gaçyp atan ýerinde,
şyltak atyp bolar-bolmaz,
sebäbi gorkusy uly,
ýykylsa ogurlan puly,
maly ýetjek başyna,
dünýä sygmaýan, belki,
düşünip bolýar oňa,
emma başgalary, görünmeýän hiç,
bukulyp ýaşaýan çöpe-çalama,
dik durmaga, görünmäge ýaraman,
şyltak atýar seni garalan bolup,
ýaralan bolup,
öz ýanyndan çalyp pyçak,
ýogsa garyp, ýeňseleri
açylyp dur otursalar,
ogurlanýan ýere ýetirmändirler,
ýa-da halal, haram gazananlaryn
iýip bilmeýän erkin,
geýip bilmeýän erkin,
sanap başgaň aýakgabyn, köýnegin,
ogurlajak bolýar halal adyňy,
öňe tutup goran gara başyňdan,
gora, alla, bar bolsaň,
beýle ýakyn, daşyňdan?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024