Aýdylmaly aýdylanda
Aýdylmaly zady aýdanda biri,
emma aýdylmadyk heniz,
bilinmän däl, gorkulyp,
syrylan dek bolar bulutlar gökden,
tolkunlar çekilip, köşeşer deňiz,
ýylgyrar ýokarda biri,
megerem alla diýilýän,
emma gözi gorkan köplük,
talanan hem talanjak,
ýa-da ýalan ýaşan ýarpy ömrüni,
çagalaryn ýalan ýoluna salan,
eli hapa, dili hapa,
hem ýüregin hapalan,
görüp bilmez göz öňünde
nämeleriň bolýanyn,
başga birniň busup däl-de,
sözün aýdyp ölýänin,
ýa görmedik bolar görüp,
eşitmedik bolar eşiden sözün,
çünki özi edip bilmedi muny,
aýagasty bolup, ýananda jany
köşeşdirdi özüni,
nämemişin - dünýe pany!
Aýdylmaly zady aýdanda biri,
emma aýdylmadyk heniz,
ýa aýdylan çalaja,
aşhanada, ikiçäk,
pikir etme diňe eziji, zalym,
ýa ýigrener aglak iliň soltany,
ezilenem bolar onuň duşmany.