Isleg we reallyk
Adam ogly çyny bilen islese,
dünýe ýykylarmyş onuň aýagna,
açylarmyş gyýçak daşly diwarlar,
umman derýa, okeanlar serpilip,
ýol berermiş geçmäge,
ýeller ýelkenini doldurarmyş oň,
ýetirermiş menziline bir günde,
ýyllap ýetip bolmajak,
adam ogly çyny bilen islese,
iş ýokmuş edilmejek.
Onda näme biziň isleg bolmady?
Ýa biz enemize, çül-çaga eklän,
enelere ýüz müňläp,
atamyza, atalara ýüz müňläp,
bolşewikden gözi gorkan,
hemem okap, okadyp,
çykjak bolan gaflatdan,
gutarjak bolan ilin,
gol uzatjak bolmadykmy,
dilde bir söz, ýüreklerde başga zat,
isledikmi at, şöhrat,
ýany bilen uly pul,
aýallary ahlaksyz,
ýalanmydy ýananymyz, Ýaradan?
Adam ogly çyny bilen islese,
dünýe ýykylarmyş onuň aýagna,
açylarmyş gara daşly diwarlar,
biz näme üçin geçip bilmedik ondan,
öli, diri, indi dogjak çagany
goýduk yzda ýolumyza garadyp...