Başga bol
Başga bol sen ogrulardan,
ýalançydan hakykaty
bilýän, emma inkär edýän,
hemem öz ýoluna gidýän,
aňsadydyr diýip, belki,
emma kime aňsat ýa kyn,
soňy näme bu zatlaryň,
bilip bilmez hiç bir tilki,
hiç bir şagal ýa-da aýy;
başga bol sen ogrulardan,
berler ýaly dogryň paýy,
dürs oglanyň rysgal-haky,
ýeňil bolmajak ömür,
goý, başaran garalasyn,
çydamasa aklygyňa,
haklygyňa has beter,
gygyursyn ol diýip kömür;
başga bol sen tämizlerden,
gara gazan bolup, belki,
döşün tutup otlara,
ilin aç goýmajak bolan,
başga bol sen sowuklardan
ezilene, ejize,
hem öň giden bolsaň dolan!