Surat

Seni aşak çekýänler

Seni aşak çekýänler,
töwerekden üznüksiz,
seni aşak basýanlar,
ýokarlardan üznüksiz,
pikir etme diňe seni çekýärler,
ýa basýarlar seni hökman
peýda tapjak bolup diňe,
ýa-da gara bahyllykdan,
görersiň gözleseň içgin,
adam diýmek - diýmek heder,
hem ol mydam ýel düşen
boş küýze dek ses eder,
emmaki boşluga seretseň siňe,
görersiň sen onuň içi
neneň doly boşlukdan,
bu adamyň tebigaty,
olar özlerini çekýärler aşak,
ýa basýarlar depesinden,
boşlukdaky hoşlukdan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024