Surat

Gaýrat meselesi

"Türkmeni göçürjek bolsaň, gapdalyndan göç geçir." Türkmen nakyly

Bilbil bogazyny berşi deý bagşa,
hudaý oňa şahyryň
paýhasyny beripdir,
duýgusyny beripdir,
beripdir söz baýlygyn hem
çeýeligin dil tansynyň,
emma alla, adalatsyz,
gaýrat bermändir oňa,
ýa berlenin almandyr ol,
meger, şondan öýkeläpdir ýaradan,
ýaş alypdyr neressäni,
yzyndan öwýärler "beýikdi" diýip,
birleri gananyp, belki,
beýlekisi şärik boljak beýige,
"dostduk" diýip ýa-da düşünýän bolup,
hemem göz ýumýarlar bagyryp duran
ejizlige setirleriň içinden,
kimmiş galjak bu ýalanyň göçünden?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024