Ýetilen ýer
Tebigat goparýar, zyňýar,
bir adam bol ýa-da agaç,
derýanyň boýunda biten,
berk durmasaň, ýapyşmasaň,
aýyrýar ýoldan ýaradan,
bir adam bol ýa-da köplük,
aňyrsy, gör, nirden gelýän,
ata-baba, neler ýapan,
öz-özüňe bolsaň gapan,
öz-özüňe bolsaň duzak,
çukur gazsaň özüň üçin,
hala dym, ha gürle uzak,
ýok edýär tebigat seni,
ýa üýtgedýär görnüşiňi,
esasy zat – kim sen şu gün,
hemem nirä barýaň haýdap,
ýa-da dursuň şol bir ýerde,
bolma diňe garaşýandan
bagta ýa-da betbagtlyga,
geler, alar diýip ajal,
bagtyňa git turup irden,
a agşam ýeten menziliň
gujagynda dynjyňy al!