Surat

Hakyky mesele

Mesele çyn, hakykaty, dogryny
aýtmagynda däl biriniň, birlerniň,
eşitmekde meger ony,
gorkman diňläp bilmekde,
kabul etmekde soňra,
mesele milletiň köplüginde däl,
azlygynda däl asla,
ýa-da baýlygynda ýeriň hem ýurduň,
mesele adamyň päl-niýetinde,
adam boljak bolmalymy ýa diňe
bolan bolmaly?
Mesele çyn, hakykaty, dogryny
aýtmagynda däl biriniň,
mesele çyn ýa hak bilen
nikalaşyp ýaşamaly!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024