Ýalan umyt

Şu günki eziji, eli ganlynyň
haýsy birin kürsüsinden düşürseň,
kowalasaň knb, kgb bilen,
çagalaryn alyp, aşsa serhetden,
ýat illerde mesgen tutsa,
ogurlan pullaryn aldyryp elden,
gara işe girip ýa-da
bilmeýän dilinde gepläp,
çörek gazanmaly bolsa,
ýa yzynda galan ene-atasyn,
doganlaryn knb ýa-da kgb
terror içre saklasa,
telefon etmese kimse,
ýa telefon etse yzyna bir gün
’saglykdan’ başga söz eşdip bilmese,
ýa diýseler ’jaň etmeseň has gowy’,
şu günki eziji, eli ganlynyň
haýsy artyk bolar, alla,
kime eli galar, alla,
barmy ýa sen umytsyzyň umydy,
ýalanmyň ýa boýdan-başa,
bilemok, walla?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024