Surat

Milli mesele

Millet diýlen uly kitap, elbetde,
her adamy bir sahypa azyndan,
çykyp bolmaz okap baryn waraklap,
ýa-da okan ýerňe düşünip hergiz,
bir netije çykarmarsyň, bilmersiň
nämeleri bilýäniňi,
bilmeýäniň has beter,
çünki adam çylşyrymly,
azaşdyrar, aldar örän,
hemem içki päl-niýeti kämahal
diňe başga birlerne däl,
öz-özüne has kän hatar,
bela bolup dolanar,
özün aňlan oýlanar kän,
aňlamadyk aňlan bolup aldanar.

Millet diýlen uly kitap, elbetde,
her adamy bir sahypa azyndan,
çykyp bolmaz okap baryn waraklap,
emmaki içinde bolsaň,
çagalykdan garrylyga,
bagtyň çüwüp saklansaň
(ýaşasaň diýmeýärin!),
horlugyny çekip bile,
ýolda ýoldaş bolsaň hemem
azda-kände iş salyşsaň,
has ýamany, çözjek bolsaň mesele,
uly-kiçi, parhy ýok,
isle ýa-da isleme,
tanarsyň hem bilersiň
ýeterlijek adamy,
hem bilersiň öz milletiň
ys-kokuny, dadyny.

Ýöne iliň aýdyjysy bolmasa,
ýa-da bolmaz ýaly edilen bolsa,
bir-birine küşgürilip,
ýa-da görip, bahyl bolsa aýdyjy,
hemem yza galsa ozany iliň,
gürlemgüjük ýaly özüni gömüp,
öz ýagdaýyn boýun alman,
başgalary ýazgarar hem
galar millet dyza galman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024