Surat

O kgb, bu kgb

"O Tejen, bu Tejen, künjüsi çüpeje bitenje Tejen." Sanawaçdan

O kgb, bu kgb
sorag edýärdi menden:
"Sen nämüçin hiç metjide baraňok?
Ýa-da toba gelmediňmi,
iki gezek bolup bizde?
Seret, dostuň Muhammede,
bir gezekde akyllandy,
namazyny sypdyranok hiç haçan,
ogullary bilen barýar metjide,
senem indi gowy boljak
çykarsaň bir netije..."

O kgb, bu kgb,
Muhammet öldi gitdi,
ýüregini tutup birçak,
üç ogluny türmeden
geçirensoň hökümet,
sebäp indi biz ýaly
namaz okap görmedik däl,
namaz okaýan duşman,
o kgb, bu kgb,
sen puşmanmy, men puşman?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024