Şahyr diňe ümsüm redaksiýalarda

Şahyr diňe ümsüm redaksiýalarda
ýa-da neşirýatda tanalmaly däl.
Şahyr
tanalmaly köçe-ýollarda,
şahyry bilmeli oba, şäher, il!

Kolumb deý,
şahyrlar beýniniň, başyň
heniz-heniz açylmadyk bölegin
açmaly hem käte serdirip läşin
gitmeli,
düşün sen, meniň melegim!..

Şahyryň ykbaly ýurdunyňkydan
aýra däldir, aýra däldir,
bek biliň.
Şahyryň ykbaly --
ykbaly iliň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019