Surat

Gaýgy

Meniň ýeke duran günüm
gara ganym öňünde,
arkamda milletim bardy,
meniň ýaly pikirlenýän,
meniň ýaly görýän ýoly,
hemem meniň diýýänime,
aýdýanyma düşünýän,
düşünýänin aýdýan käte özüme,
hatda türmäň içinde-de,
emmaki agzybir bolup,
öýlerinde oturdylar,
men olary görýärdim,
göwnümiň gözi bilen,
gözi bilen ýüregimiň,
bilýärdim agzybir turmaz ýerinden,
hemem çagalarmy gaýgy edýärdim;
meniň ýeke duran günüm
gara ganym öňünde,
arkamda ilim bardy,
emma üýşüp turmady,
durmady meň arkamda,
tüýkürlende ýüregime,
öldürlemde öldürilmän,
jan çykmadyk jesedimi
alyp gaçdym agsaklap,
indi daşdan seredýärin,
gara ganym öňünde
ýeke duran millete,
ozallar düýşümde her gün
durup bilmän gidýärdim,
emma indi hyýalda-da
ädilmeýär aýagym,
jaň edemok daýy, ýegen, hiç kime,
goý, unutsyn uýa, ini agasyn,
ululara hiç sözüm ýok, gepim ýok,
arman gaýgy edýän iliň çagasyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024