Surat

Islemeýän gögermeýär

Islemeýän gögermeýär,
güneş bolsun, suw bolsun,
toprak bolsun mele, mes,
boý almaýar gögerse-de,
sypasynlar başyn, göwnün
balmy-nabat, şeker bilen,
a isleýän daşy böwsüp,
dagy böwsüp gögerýär,
ýaryp çykýar asfalty,
üstünden kgbäň gara maşyny
goý, geçse geçsin näçe,
basyp ganly teker bilen,
mynjyratsyn baldaklaryn,
ýene çykýar gögerip ol,
iň bolmanda çykjak bolýar,
tükeniksiz, elbetde,
her gezek ýaz gelende,
diýmek, aglamak manysyz,
ýa garaşmak birlerine,
sebäbi gögermek ýa gögermezlik
her agajyň öz elinde...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019