Surat

Hakykatyň hyrydary bolmaýar

Hakykatyň hyrydary bolmaýar,
az bolýar ýa-da.
Ertekini üýşüp-üýşüp alýarlar,
nobat gurup asyrlap,
adam özün ýalan bilen basyrýar,
Isa bilen, Dawut bilen,
Süleýman... bilen basýar,
bilmeýänin biljek bolman, tanaman,
gol uzadyp daşdan bagryna basýar;
ol özüni beslemeýär çyn bilen,
şu günki ýa ertirki,
düýne gidýär gomalyp,
hem geçmişden geljegini gözleýär,
bu owarram, iň ýamany, beteri,
adam özün ertekiden agtaryp,
ýalanyň owadan daryndan asýar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019