Surat

Erkek adam

Belki-de sen erkek adam,
bu dünýede iň ozaly, iň käni,
eziz ejeň,
aýalyňy ynjydýaň,
ýa göwnüni galdyrýarsyň olaryň,
emma olar senden beýik,
bagyşlaýar, geçirýär,
deň bolmaýar seniň bilen,
sanaşmaýar, gygyrmaýar,
ýa gaş çytyp gaharly,
ýüzüň alyp durmaýar,
çaga ýaly ikilikçi,
öý işini etmän gelen,
ýa klasyň bulagaýy;
olar seniň erkekligiň isleýär,
sebäbi erkeklik erkegiň paýy!

Erkek adam, belki-de sen dünýede
iň ozaly eziz ejeň,
aýalyňy ynjydýaň,
biri seni gelmejegiň
ýagty dünýä getiren,
beýlekisi dowamyň,
çagalaryň ejesi,
emmaki sen erkekmişiň,
ärmişiň,
palta çapmaz murtuny,
her gün işe gidýärmişiň,
hamala başgalar ýatan mysaly,
seni söýýän naçarlary göreňok,
sebäbi başagaý, dünýäniň aly,
ýa hilesi azalmaýar, köpelýär,
zeýrenmeli bolsa, iki paý ýaly,
ejeňe ýa aýalyňa daýanýaň,
nätsinler - diňleýärler,
çydaýarlar güjük ýaly çyňsaňda,
it ýaly üýrmeseň, kaýyldyr olar,
sebäp seni söýýärler,
geçirýärler samsyklygyň,
akyllanar diýýärler,
geçirýärler nadanlygyň,
beýle bolmaz diýip mydam,
geçirýärler haýwanlygyň,
(bagyşlasyn haýwanlar,
belki senden has kän adam?)...

Erkek adam, sen ölmäkäň
ilki eziz ejeňden,
aýalyňdan ötünç sora,
ötünç sora gyzyňdan,
uýalaňdan, başarsaň,
sebäbi bilip ýa bilmän
üzensiň sen olary kän,
ynjydansyň ýeňil, agyr,
olar senden erkek diýip,
garaşandyr kän zada
(garaşyp ýalňyşýar adam!),
emmaki erkekden erkek sözüne
garaşmak manysyz mydam,
ýa ynanmak aýdanyna,
olar muny käte boýunam alýar,
’dawno geçdi’ diýip ’erkeklik döwri’,
ýatanda howry.

Erkek adam ýa-de meger
ejiz halkajygy çüýrük zynjyryň
erkek diýilen,
ýa erkekdir öýden özüne çendan,
üste çykan gomalyp,
’hä’ berilse, hekemsiräp,
urup, urşup han bolup,
gana boýap elini,
gyryp gahryman bolup,
uruşlaryň awtory,
ezişleriň awtory,
ýalanlaryň, talaňyň,
gözýaşlaryň awtory,
korporatiw, beýleki,
barha ýokaryk galyp,
erkekdigne ynanan,
alsaň saňa nesihatym wagtynda
ötünç sora ejeňden,
ölenden soň giç bolar,
aglanyň ýa ýer sermäniň
mazarynyň başynda
(baryp bilseň, goýberseler, elbetde),
aýalyňdan ötünç sora ölmäkäň,
uýalaňdan, belki ähli naçardan,
obada, şäherde öňüňden çykan,
tanaýanyň, tanamanyň, baryndan,
sebäp erkek bolan bolup,
garaşylan salamy
beren dälsiň hemişe,
ýylgyran dälsiň mätäç,
göwni näzik naçarlara,
beren dälsiň iň esasy,
iň ýönekeý sadakaňy -
bugdaý sözüň, bolmanda,
haýynlygyň, dönükligiň özüňki,
ýaşan bolsaň daban ýalap,
hiç mertebe goýman telpekde, donda...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024