Seni satan
"The person who did this to you is broken. Not you." Sierra DeMulder
Seni satan,
türmä atan,
el bilen däl, dil bilen,
ölmän çyksaň, çykmasaň,
beterini saňa däl,
özüne edendir, bil;
ýene eder ölýänçä,
ýüzüňe gülen bor, dogry,
ýeňsäňden gürrüňiň eder,
"teke-meke", beýleki,
gaharlanma başarsaň,
galmajak bol o bendäniň
gazan gara çukurynda,
ýoldaş bolup ýanyna,
goý, otursyn ýeke özi,
dözýän bolsa janyna,
oňa gynan, a özüňe
çala ýylgyr, ýa-da gül,
hemem düşün seniň eden,
edýän işiň bilýändir ol,
hem bilýändir asgyn ýerin,
edip biljek däldir edeniň seniň,
goý, çykanam bolsun seň ýaly ýola,
biler adam başganyň däl, öz çenin,
belki, şonuň üçin iýýändir özün,
ýa-da şeýle ýaradandyr ýaradan,
ýa-da çagalygy agyr bolandyr,
çykyp bilýän däldir dara-direden,
görme bolan zady özüňden, ondan,
ýa ýurduňdan, milletiňden, tireden,
adam bar, adamy satmak-da bardyr,
adam bar, adamy atmak-da bardyr,
kimi ýeňsesinden, kimi döşünden,
her kimiň ýaragy özüne görä,
emma ynan adam özgäni atyp,
belki-de iň agyr özün ýaralar...